16:53 Saz çalnanda | |
|
Galmagal eşitseň, wokzalda-da bar, Saz diňlejek bolsaň, otur şu yerde. ...Bir gyz agşamara suwa düşünýär, Eşigin çykaryp çola güzerde. Gyz saçlary suw ýüzünde kerep deý, Owsun atýar kereplere birigip. Oňat, aýbam bolsa gyza seretmek, Gözellik hiç haçan bilmez irizip. Çöl içinden ak sakgally ýaşuly Atynyp egnine mele çäkmenin, Ýüzi altyn çäge ýaly nurana Syryp gelýär Garagumuň çäklerin. Duşman bir galany ýykýar, ýumurýar, Kesýär erkek göbekliniň kellesin. Şol kesilen kelleleriň içinden Tapanoklar günäkäriň sellesin. Başga bir galadan yza serpigip, Gaçyp barýar duşman eren-de-tozan. Gelip-gelip öz gyljyndan ölermiş Bigünä ilatyň üstüne çozan. Ak bedew dumanyň içinden çykyp, Ýaş ýigdi göterip, asmana barýar. Bir owadan oglan sandyga girip, Bir gyzyň yşkyndan akmana barýar. Dag oýulyp, weýran bolýar gara dag, Çirkizilýär galtamanyň sakgaly. Aşyk magşuk gözlerinden ýaradar, Ýöne ýene şol gözlere bakmaly. Hywa bazarynda gyrnak satmaga Barýar alamançy - tüýsi bozuk är. Iti kowup, kölgesinde ak öýüň Düzzüm oýnap otyr üç sany bikär. Gyrmyz donun geýip ak telpek ýigit Bakýar keten köýnek çarwa gözelne. Töwerekden gyýk göz bilen bakýany Undar eken gyz ýigidi görende. Iň owadan matalary üssenip, Tabyt barýar gölegçileň egninde. Ýitip barýar köne gubur düzlenip, Ýene täze döräp barýar her günde. Tümlük ýuwaş-ýuwaş syrylyp gökden, Ýagtylanýar, nurana ak daň gelýär. Häzir sazandanyň, dutaryň keýpi, Märekäniň keýpi bilen deň gelýär. Biri aglap otyr, birisi gülýär, Biri hesret çekýär, birisi dymýar. Saz diňlejek bolsaň otur şu ýerde, Goh eşitjek bolsaň, wokzalda-da bar. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
