00:26 Şemal bizi alyp gidäýjek ýaly... | |
Gysgajyk gijämde, Wah-eý dag arman Şemal syrap ýapraklary daraýar. Gorkýan men bu gije turjak tupandan. Diñ sal, Tümlügiñ ygşyldysyn duýýañmy? Garaýan bialaç bu bagtlylyga. Guly men özümdäki umytsyzlygyñ. Diñ sal, Tümlügiñ ygşyldysyn duýýañmy? Dek häzir bir zatlar geçýär gijede. Aý gyrmyzy reñkde we ýallak-ýullak Her pursatda gorkusy bar üçegiñ Bulutlaram göýä ýas tutýan ýaly Ýagyş ýagjak pursadyna garaşýar. Birje pursat, Soñra bolsa hiç zat ýok. Penjiräñ öñünde gije sandyrap Hem ýer ýüzi gitse yza garaman. Penjiräñ öñünde bir nätanyşja Seni-meni gaýgy edýär Eý başdan-aýak ýaşyla bürenen! Ýakyp-ýandyryjy näzik elleriñ Uzat meniñ saña uzan elime. Hem-de dodaklaryñ gyzgyn duýgusyn Meniñ teşne leblerime gowuşdyr. Şemal bizi alyp gidäýjek ýaly... Şemal bizi alyp gidäýjek ýaly... Fürug FERRUHZAD. Terjime eden: Has TÜRKMEN. Surat: Gaetano Belleý / "Ýelli gün" | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
