07:10 Şemally gün | |
Göz açar ýaly däl, bulaşyk howa, Gökde bulutlaryň göçgün parady. Güneýden güzaýa bolýarlar rowan, Bulutlar bir ýerde tapman karary. Çaň basan, gum basan ýadaw ýüzümi, Ýalap geçýär oktýabryň hazany. Agyr zähmet bilen geçdi bu günem, Bilmesem-de oňly bir zat gazanyp. Her günde on sagat, a käte onki, Jokrama yssyda guýýan kerpiji. Ýadawkam synlaýan asmanyň reňkin, Meni synlap rahatlanýar her kişi. El-aýak laý, ýüz-gözümem çaň tozan, Aýby ýok, asyl meň aslym toýundan. Ýöne adam bolmak üçin men ozal, Bir topar borç-bergi asdym boýnumdan. Näbelli nokada nazarym baglap, Galybym gujaklap otyrýan lal-jim. Belki bir wagt boş, manysyz, bimatlap, Biweç geçen günleň berýärin pajyn. Asmana seretsem açylýar göwnüm, Ýene-de turýaryn egnimi silkip, Gözlerimde gögüň keşbini görüp, Adamlaram aram taparlar belki. 2020 | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
