13:05 Sen hakynda | |
Sen hakynda iň azyndan bir kitap ýa-da iki kitap ýazmagym mümkin. Maňa gökden iýnen kelamy okap, Yşk bilen tutaşyp ýanmagyň mümkin. Eger ýüregiňde ot tutaşmasa, Ol ot meni öz içimden köýdürer. Yşgym saňa uçgun bolup uçmasa Köräp-köräp, köz içimden köýdürer. Şahyr ýaşap ýörkä, ýazan şygryna Hakyň beren yşgydyram öýdülmez. Agram salyp ýüregine, bagryna, Dünýä iýnen goşgudyram öýdülmez. Sen beri, bu sözleň yşgyma beýan etmek üçin maňa Taňrynyň beren ylahy sözlügne ynangyn aýan, Ýelden ýeňil uçup ýören tez jeren! Belki, şonda şahyrdygyma ynanyp, Bir kitap, on kitap ýazmagym mümkin. Ýere güýç berşi deý ýagýan ygalyň, Ýylgyrsaň, gül-ýaprak ýaýmagym mümkin. Şol güller, ýapraklar ömür salmasyn — Ikimize joşan serpaýy Taňryň. Men dünýäň üstünde bolsam-bolmasam, Olar egilip, saňa ederler tagzym. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||
