01:04 "Sen örän owadan..." | |
![]() Sen örän owadan, Örän owadan, Çirk tapylmaz didaryñdan, didäñden. Maña diñe seni görmek ýeterlik, Müñ gözeli synlap, söýüp, seredip, seredip, Olañ kaddy-kamatyndan, keşbinden, Bakyşyndan, ýylgyrşyndan, gülşünden, Summatyndan, suratyndan, bolşundan Öz gözleýän gözelligmi idänden. Sen örän owadan, Örän owadan, Hatda saña seretmäge çekinýän Utanýan dünýäniñ bigörkliginden, Señ şekiliñ ýöne-möne şekil däl. Bu gözellik çözüp bolmaýan matal, Ony çözen azaşar öz aklyndan. Sen adamyñ ilki laýdan ýasalyp, Megerem soñ jan berilen aslyndan. Derýadym - agdym men öz kenarymdan. Deñizdim men - görüp yza çekildim. Howalasy belent, howasy belent Dagdym - synyp, aýagyña ýykyldym. Şahyrdym - waspyña söz tapmadym men, Bagşydym - ses-sedam galmady meniñ. Aşykdym - yşkymy giderdim elden, Dindardym - din-hudam galmady meniñ. Men seni özüme rowa görmän, Taý gözledim seniñ görküñe maýyl. Señ husnuñy görüp diýdi: - Eý-aman! Bar halaýyk, peri-peýker, melaýyk! Hiç kimse bu bagta eýe çykmady, Gorkdy-ürkdi nämynasyp bolmakdan. Ýok-ýok, nämynasyp bolmakdan däl-de, Gorkdy dünýä gözelligi bozmakdan. Onsoñ seni ýalñyz goýmajak bolup, Täk özümiñ het edenmi bagyşla! Saña taý gözledim ýeriñ ýüzünden, Saña taý tapmadym özümden başga. Atamyrat ATABAÝEW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1985 ý. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |