00:48 Seni düýşümde gördümmi?! | |
Seni düýşümde gördümmi?! Ýalbarýaryn, düýşüm bolup galma ýar. Kalbymdaky iň soňkyja umydym, Seniň adyň tutup zaryn aglaýar, Daglaýar ýüregmi ägirt gussalar, Gursagymyň çep tarapy kesilýär. Diňle bu kalbymyň gamgyn owazyn, Matam tutup, ýatlamalar ses edýär. Seni düýşümde gördümmi?! Göz öňüme geldi ýylgyryp durşuň. Sen tarapa ädim ädesim geldi, Emma aýaklarym birgeňsi gurşup, Saňa gitmegime garşy ýalydy, Garşy ýalydylar duşuşmagmyza, Bu düýş bolsa, belki oýanandan soň, Bagtyň ýodasynda duşuşarys-a?! Seni düýşümde gördümmi?! Düýşümde geçdimi bagtly günlermiz? Sähel söze bir-birekden öýkeläp, Ujypsyzja zada bile gülenmiz. Seni düýşümde gördümmi?! Gitdi päk söýgimiz ýelek deý gaýyp, Bu duýgular huşmydy ýa düýşmidi, Bilemok aňyp. • Ähmiýetsizlik "Bagtly bol" diýsem, kalbym öküner, "Bagtly bol" diýsem, gözýaş döküler, Bu ötegçi günler ýene ötüler, Senli günlerimi ýatlamda näme?! Arzuwlarym bu gün ýene-de soluk, Kalbymy kalbyňdan goýberdiň kowup, Bilýän, seň henizem ýüregiň sowuk, Söýenimde näme, söýmämde näme?! Tozap ýatyr şol köneje ýodalar, Gelmejegňi duýsa kalbym ot alar, Emma seni getirmejek ýodadan Ýöränimde näme, duramda näme?! Ýüregime dermanmyň sen, dertmiň sen? Her sözläňde ýüregime dert berseň, Kalbyň gapysyna meni eltmeseň, Baranymda näme, barmamda näme?! Dünýede barlygym duýup bilmeseň, Biziň yşkymyza uýup bilmeseň, Setirlermi okamasaň, görmeseň, Ýazanymda näme, ýazmamda näme?! ARHİWDEN. Goşgulary näçenji ýylda ýazanym ýadyma düşenok. Ýöne 2017-nji ýylda Garagum žurnalynda çap edilen eken. Arhiwlerimi dörjeläp otyrkam öňümden çykdy. :) | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
