17:39 Seni ýitiren günüm... | |
Seni ýitiren günüm Nähili gündi?! Şol güne men düşünemok şindizem. Bulut gelip, Günüñ öñün örtensoñ, Gijä çalym edip durdy gündizem. Wah, ýogsam gyş günem däldi-le ol gün, Ol gün adaty bir günüdi güýzüñ. Ýöne nämüçindir eşitmeýärdim, Hemişeki bagşy guşlañ owazyn. Nirdedir bir ýerde, irmän çalynýan Dutaryñ owazam gelýärdi güñleç. Adamlañ ýüzünde, gygyrsalar-da, Ne-hä buýsanç bardy, Ne-de bir gynanç. Uçup ýören arzuwlarym- ak guşlam Gara bulduñ añyrsynda aýlanyp, Geçip bilmän, Perwaz urup ýördüler... A men bolsam, durdum diñe oýlanyp. Bir görsem, Köwüşmi-zerden ýasalan, Jadyly gaýgyñy kürekläp sen hem Gözýetime-deñze siñip barýardyñ. Barýardyñ nokada öwrülip kem-kem, Ne yzyñdan garaýardym gaharly, Ne çeksem diýýärdim ükenmez näziñ. Alasarmyk bolup, Walla añk bolup, Durdum bir özüm... Ilkinji söýgimi ýitiren günüm, Nähili gündi?! Şol güne men düşünemok şindizem. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
