02:34 Seniň gözleriň-gözleriň | |
|
Gül görkünden gözüm doýmaz, Seniň gözleriň-gözleriň. Meni öz erkime goýmaz, Güler ýüzleriň-ýüzleriň, Eşitmedik halym duýmaz, Meniň sözlerim-sözlerim. Aýyp etme, men şu halda, Ýüzüp ýörün arzuw kölde, Bilemok sen nä hyýalda? Heý, bolmanda meni alda, Yşkym ýakdy meni ýolda, Otly, közleriň-közleriň. Köp gyzykdym, dünýe pany, Şunça çekdim, men jepany, Görebilsem, wah, wepaňy, Gönendirsem, eziz jany, Umydym bar, ýüz-müň sany, Görkli, özleriň-özleriň. Sataşmadyk, menden dynar, Haçan senden mährim ganar? Et owulyp süňküm synar, Belki, seniň rehmiň iner? Bagtym çüwer, döwran döner? Köpdür, näzleriň-näzleriň. Beýan etsem hal-ahwaly, Halys, bilseň Illiň haly, Ýa bir şeýtan saldy aly, Gün görmedim men ybaly, Degnam dartym kiriş ýaly, Golaý, üzlerim-üzlerim. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
