15:57 Sestra derýasy | |
![]() Buz baglap, üstüne ençe gar ýagan, Sestra derýasy ýatyr uzalyp. Ýalñyz dogan Birden yada düşdüñ sen, Buza öwürmänkä gyşyñ gazaby. Gujagyñda ukladardyñ sen meni, Nirä gitseñ götermeli arkalap. Gyz doganym, Bu jahanda jan-tenim, Kän göwnüñe degerdim-ä erkeläp. Ýene biz illere ýaz-bahar gelse, Ýaşyl parça bolup öwusse baglar. Men salam ýollaryn cigrekli ýelden, Men seniñ gardaşyñ alysda galan. Häzir bolsa Russiýada gar ýagýar, Tokaýlar ümürsow, derýa hem doñan. Bu gamgyn ýürekde bir eziz ýer bar, Şol ýer seniñ ornuñ mähriban dogan! Ejirden-hijirden epilmedi bil, Bir seni ýatlasam ejizleýän kä. Galmady öýdýän sökülmedik ýol, Haçan didarlaşmak nesip ederkä?! Buz basan ýollardan ýöräp barşyma, Bir sapar unudyp ýakynam-yadam, Sestra derýasyn synlap barşyma, Yalñyz dogan seni salýaryn yada. Sylapberdi MUHAMOW. 23.01.23 ý. Klin şäheri. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |