22:12 Soñlandyrmasy bar | |
|
Ýeñilmedik gorkularyň, Käte eýmendirmesi bar. Ýaşlyk paslynyñ bu ömri, Yşka eýlendirmesi bar. Bagt aldasa, hoş söz diýe, Duýgularym dursun çeýe, Diliňe bolmasañ eýe, Kalby elendirmesi bar. Boş gaýgylar - gury bede, Sabyr eýle, geçer bu-da. Ykbal Söýgä bolup guda, Bagta öýlendirmesi bar. Gezsem günäñ ýükün çeke, Sogabym çekiler çete. Göz aýlaýyn saga, çepe, Ömrüñ oýlandyrmasy bar. Berk bile erkim bir ede, Mydam saklaýyn bileje, Adama ýetse dereje, Başyñ aýlandyrmasy bar. Ömrüñ ygrary ne selki?! Bolsa-da, bar baýlyk señki. Bilseñ, bu dünýäniñ soñky ýola şaýlandyrmasy bar. Hemme zat diliñde añsat, Bagt gelermi seni añtap, Nury ýigdiñ şygry añlap, Şeýdip soñlandyrmasy bar. Nury SAKÇYÝEW | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
