22:03 Söýgä soraglarym | |
▶ SÖÝGÄ SORAGLARYM Söýgi, sen gudratmy, şatlykmy, hasrat, Perişdemiň ýa-da ýaradan senmi?! Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde, Asmany, Zemini döreden senmi?! Ynsanyň kalbyny köz ýaly dörüp, Kä söndürip, käte odun ölçerip, "Wah Şirinim" diýip, daglary ýaryp, Perhadyň bagtyny garaldan senmi?! Mežnun yşk oduna tapman dermany, Şo-ol düňle çöllerde çekdi armany, Selbini agladyp, aşyk Hemrany, Saýadyň ýoluna ugradan senmi?! Barha alawladyp yşgyň körügin, Penjesine düşüp gepçi, görübin, Şaseneme ýedi ýyllap Garybyň, Garasyn görmäge zar eden senmi?! Şahyr bilbil bolup söýdi gülüni, Neçüýn ýalkamadyň bagtyň guluny, Meňliden aýyryp Magtymgulyny, Eziz ýeňňesine ýar eden senmi?! Ak ýol arzuw edip, gökde pel-pelläp, Bürgüt aşyklary ýürekden goldap. Iň soňunda bolsa, Kerimi aldap, Gaňňalyň, oýunda eňreden senmi?! Bir zady bilemok, barmyka aýby, Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy, Dyz epip ýalbarýan, aýtsana, söýgi, Bu gözel dünýäni nur eden senmi?! | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |