02:14 Şu gün dünýäden ötdi... | |
|
Şu gün dünýäden ötdi on dört ýaşly, Bir ogul. Indi täzeden bolar özge ýerde, Bir dogum. Kemeldi, Emma ýeňlemedi agramy dünýäň. Ýaş ölümdi, günäli deý köp ynsanlar, Ökünýär. Gonan ýeri gonamçylyk, çäk berilen Toprakdy. Gijelerem ýeke galar, ýeke galsa, Gorkardy. Pelek aýlar, ykbal haýran Kysmata, Rahat ýatar, gykylyksyz - içi käte Gysmasa. "Gabroş" ýaly oýun etmese-de Ajala. Niçik çäre ýok? Gowy düşünýäs Aljaga. Giden gider, Bu kanundyr, diri galar diriler, ...Ölülerem öli ýatmaz, Wagty gelse direler. Ahally | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
