08:47 Şükür | |
|
Şükür, Alla maña akyl beripdir, Köplenç kömek edýär aýdan sözlerim. Sähel näsazlyga kaklyşa wagty, Hanasyndan çykjak geñçil gözlerim. Şükür, eglip çaga salam bermekde, Gürleşmekde utanmadyk dilim bar. Ýetimiñ başyny sypap armadyk, Gül ekip, hiç ýadamadyk elim bar. Göwün görjek bolup hemişe ýolda Hiç kim oña diýmez: "Düşdüñmi gaýyp" Hassa soramaga äkitmek üçin, Gyssap duran aýaklam bar ajaýyp. Ýagşy ukyby bar syr saklamakda Hatda bir görenem ýüregni döker. Göräýmäge ýumruk ýaljak ýüregmiñ, Dag dek söýgüsi bar, Hudaýa şükür! Güljan DURDYÝEWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
