22:53 Täze durmuş... | |
|
Ol öýde ençe ýyl bile ýaşaşyp, Öwrenşen adamlam gyz göçürdiler. Durmuşa çykaryp men «pahyrjygy» Gyz toýuňam hözirini gördüler. Şonda garşylady edip uly toý, Täze durmuş, täze mekan, täze öý. Ýaryşda ýeňlen dek ýüzleri soluk, Käbiri şumjaran hossarlarymdan Meni aýra salyp alyp gaýtdylar. Meni aýra salyp dost-ýarlarymdan. ...Men gaýdamsoň boşap galan bolmaly Hakyt bagry badaşandym öýe men. Gyz tarapda ünji goýup düşnüksiz, Gaýtdym, daşda galdy atam öýümem. Gelin gelýär diýip aýdym aýtdylar. Ol aýdymda bardy gelin gussasy. Toýlarda pul çöplän ýyllarma çenli Ýaýrap gitdi ýüzärligiň tüssesi. Olar sadalygy söýýän ekenler, Meni ýylgyrşymdan sada gördüler. Şertleşdiler, diňe söýüp ýaşasam, Iň gowy günleri wada berdiler. Soň pyşyrdadylar: «Ynha, görersiň Ataň öýňe gidip-geler durarsyň. Sen öňem myhmandyň, goý, gamlanma, goý» Garaz, şol gün keýpden çykdy edip toý Täze durmuş, täze mekan, täze öý. Şeýdip düşürip yşgyna, Döredi täze maşgala. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
