22:01 Şygyr kerweni | |
Düňňür... Düňňür... Düňňür... Diňle, jaň sesi Ýaňlanýar, Çar ýany ýanna çagyrýar. Hut seniň kalbyňdan Hem meň kalbymdan Özüne ýol salyp bir kerwen barýar. O kerwen şeýle bir täsin, geň kerwen, Özge kerwenlere eýgertmän deňin, Ýyllaryň, Asyrlaň, Eýýamlaň çaňyn Ýuwup, Gözellige bolansoň aşyk, Barýar, Öňe barýar, Her bir sagatda Onlarça, Ýüzlerçe menzil ýol aşyp. Düňňür... Düňňür... Düňňür... Bu şanly kerwen Güýçdür gaýratyny artdyryp her gün Hem baýdak edinip döwrüň sargydyn, Barýar, Öňe barýar, Ýolugra duşsa, Bejerýär ejizlän ýürekleň derdin. Barýar, Alyslara salyp barýar ýaň. Adamlar daşynda urýar pelesaň. Kimler-ä kerwene iner goşýar-da, Galkynýar, galkynýar, güýç alyp ýerden. Kimler bolsa umydyndan el üzýär, Goşan arwanasy galyp hatardan. Nämeler garaşýar, Bilemok häli, Diňe ýagşy tutup niýeti-päli, Menem bu gün şo kerweniň yzyndan «Ýetsem» diýip, maňlaýymdan der syrýan. Ýaňja aýaklanan köşejiklermi Goşgujyklarymy idekläp barýan. «Birden goşulaýsa, eýärmi yzyn, Kerwenden üzülip gitmezmi soň bir?..» Men şeýle pikiri öwürýän serde, Kerwen bolsa, wah, säginmän hiç ýerde, Barýar... Alyslardan gelýär jaň sesi: Düňňür... Düňňür... Düňňür... Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |