13:03 Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr | |
Baý-ba bat alyp, şeýle bir gürleýä, Bäş-on ýyldan näme ýazjagy hakda. Diýýär: “Eser ýazdym çeperden çeper, Sözde üç-dört towşan urýan bir okda”. Köp zat aýtdy, eýesi deý bar sözleň, Söz mülkünden döredipdir erem bag. Şygyrlary dilden-dile geçýärmiş, Göýä döwre zehin bolup duran dag. Ýazybam berýärmiş biraz emleseň, Ynha, dünýäň diregi dek bir şahyr. Ýöne bu syr hak şahyra aýandyr, Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
