14:07 Tapyň, bir-biregi ýitirip, tapyň! | |
|
Tapyň bir-biregi şirin sözlerden, Owadan gözlerden, Güler ýüzlerden Goý, siz aňsat tapyň, itinip tapyň! Dostlary alysa ataryp tapyň! Belentden-belende göterip tapyň! Sag bilen çepiň, Dürli tarapyň Ýodalarnyň ýüpün, Ýollaň tanapyn Külterläp, tapylyň goýnundan tarpyň! Gybatlaryň, içi güjükli gepiň Gözünde ot ýakyň, açyň-da sepin, Olar aramazlar bähbidin köpüň, Diňe öz nepin Gözlärler görmäge bäş günlik keýpin. Ýerden, Bagdan tapyň tapmadygňyzy, Suwdan, Dagdan tapyň tapmadygňyzy! Tapyň bir-birekden bereket, tapyň! Ilki ata öýden hereket tapyň! Soň giderňiz ýaly geljege gorkman, Bagty bir-biregiň raýyny ýykman, Bir-birekden tapyň, Päliňden tapman! 1985ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
