16:28 Täze ýyl arzuwy | |
Ynsan tolgunmasy, yşky-söýgüsi, Ylhamy, hyjuwy, işi-azaby, - Biziñ üçin, ine şundan başlanýar Her bir täze aýyñ-günüñ hasaby! Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym: Has köpräk joşuñ siz, köpräk tolgunyñ, - Ýaşan ýyllarynyñ mazasy bolmaz Tolgunmadan halas ynsan oglunyñ! Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym: Söýen zadyñyzy ýürekden söýüñ, - Bazary göterlip, mazara döner Töri muhabbetsiz, söýgüsiz öýüñ! Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym: Hyýal baglap ak ýyldyzly agyla, Ýerde edýän işiñizi sallarlañ, Hem-de ondan boluñ käte nägile! Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym: Tolgunyñ, dörediñ, söýüñ, şatlanyñ; Ynjalyksyz bolsun herne ýüregñiz Boş şöhratdan gaçyñ hem şöhratlanyñ! 1977. Annaberdi AGABAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||
