07:59 Toý güni ýazylan goşgy | |
Şowhundan-şatlykdan püre-püre dünýä, Owaza gark bolup ýüregim ýanýar. Çyn höwesler her gün, her agşam höwrüm, A säherler kalpda söýgi oýanýar. Toýly gün gam bilen tirkeşip gelýär, Bagt bilen başa-baş garpyşyp bilýär, Bagtyň gam-gussany ýeňmegi üçin, Beýik söýgi mydam bagta ýar bolýar. Edepli, saýhally, syratly ýarlar, Söýgini säherden syryp alýarlar. Gül gyzlary mert enäniň, mert ataň, Soň bir mert ýigidiň ýary bolýarlar. Mertlikde päklik bar, päklikde bagt bar Yşgyň ak çeşmesi şolardan gaýdýar. Nar dänesi deýin bagtyň miwesin, Söýgä wepa beren aşyklar datýar. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
