23:49 Toýda okalan goşgy | |
Özlerine ogul gerek bolaýsa, Gyz hem bolsa, Ogulgerek diýerler. Gundaglyja aglap ýatan bäbegi Ogulgerek, oglum, diýip söýerler. Şonuň üçin dünýä inen badyna, Ogulgerek dakypdyrlar adyna. Ogulgerek dakypdyrlar adyna, Tutar ýaly ogullaryň deregin. Wah, olar nireden bilsin ahyry Biziň Ussamyza gyzyň geregin Ogulhem gerekli, Ogulgeregem, Geliň dostlar, götereliň tosty biz. Hem-ä söýülýänleň, hemem söýýänleň – Aşyk-magşuklaryň söwer dosty biz. Gyzjagazlar bolsun ekiz-ekizden, Ogullarnyň her birisi ner bolsun. Bu dünýäde armanyň nä köpelseň, Esasy zat – agyzlary bir bolsun. Bulaň bary bolar gider kem-kemden, Ir entekler bu barada oýlanmak. Ilkinji tost çyn söýginiň saglygna. Ýaşasyn dünýäde söýüp öýlenmek. Halyl KULYÝEW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
