07:21 Uka gitdi ýarym... | |
|
Uka gitdi ýarym, Gam ýok serinde. Bu gözel şäheriň, gijelerinde. Ukuda hemmeler, Oýa Halykdyr. Deňizde gämiler, doňup galypdyr. Gaplandy bir kysym, Çar ýan pyşyrda: Ýagyş bolmajysyn, bolýa daşarda. Köňlüm neçüýn tukat, Bilemok häli. Göräýmäge bar zat, ýerbe-ýer ýaly. Garaşýaryn daňa, Asla atanok. Munda maňa diňe, Watan ýetenok. Beýik işlerimiň, Hemrasy bolup, Süýji düýşlerimiň, Gümrasy bolup. Uka gitdi ýarym, Gam ýok serinde. Bu gözel şäheriň, gijelerinde. Stambul, 2003 ý. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
