17:02 "Ulag gidip barýar..." | |
Ulag gidip barýar soňsuz ýol bilen, Içi doly ak kagyzdyr, goş-golam. Şemal alagada illere ýaýýar Her pytran kagyzda ençe garalanan, Heniz okalmadyk eser, goşgular. Bu zatlar sürüjiň azarna-da däl, Piňine däl ýazan birje setirem. Dogruda, näme üçin, piňine bolsun, Içinden çykaryp, şygra geçiren, Häzir hem ýaşaýan gaýgy-heseri. Kerwenaly HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
