11:38 Unaş | |
Peýda ýok mañlaýña ýaglyk goýmadan Ýa haýyr ýok el-aýagyn oýkala. Geldi, ine, içi doly noýbadan, Gyzyl burçly, unaşly bir okara. Unaşa siñdirlen mähir hem yhlas, Dertden halas etdi gelniñ ärini. Söýýän wagty, tapýar gelinler bizi Ajaldan hem alyp galmañ tärini. * * * Saçyñ kement edip, sal sen boýnumdan, Saña ýesir düşsem, galmaz azarym. Janym al-da, jaýla meni goýnuñda, Seniñ goýnuñ bolsun meniñ mazarym. Ýataýyn kyýamat-magşara çenli, Şol günde gaýtadan dirilerin men. Bakyda-da seni söýjegim belli, Ýene seniñ bilen birigerin men. * * * Dogry sözi gizläp bilýän batyr däl, Dogry sözi sözläp bilýän batyrdyr. Başga dine uýup gelýän kapyr däl, Diniñ bozup, dübläp gelýän kapyrdyr. Akylly söz aýdyp bilýän akyl däl, Akylly söz tapyp bilýän akyldyr. Señ aýbyñy aýdyp bilýän ýakyn däl, Señ aýbyñy ýapyp bilýän ýakyndyr. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |