12:12 Ussa hem şägirt | |
|
Günlerdir aýlar-a howlukýar-uçýar, Ýylam öz ömrüni barýar aýaklap. Ussa demir ýençýär, Şägirdi bolsa, Otyr şo-l bir çöken ýerini saklap. «Çen boldy, han ogul, oturma beýdip, Dag ýaly göwräň bar, sagat janyň bar. Sandala der dökmän, Körükde ýanman Iş öwrenip bolmaz!..» – ussa janygýar. Şägirt welin gymyldaýsa nädersiň, Doňdurlana dönüp barýar günsaýyn. Bir jogaby: «Howlukmaýyn, halypam, Puryja ber, ýene biraz synlaýyn?!.» Jany ýanan ussa gygyrýar ahyr: «Diş-ä dökdüň, gepe düşmez naýynsap. Iş öwrenip bolsa Synlamak bilen Ho-l ýatan it bordy bireýýäm gassap...» Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
