20:49 Utandyrmak | |
|
Üýşüp dostuňka bolarsyň myhman, Iň ilkinji hezzet – çaý bilen çörek. Käsi diýer: “Getirsene naharňy Soňky çykan zatlar nämäme gerek?” Meniň söwer dostum, Gadyrdan dostum, Sen näm üçin ýüreklerde dag goýýaň? Ýaşyň biziňkiden kiçemä-hä däl, Ýa-da unutdyňmy baryny eýýäm. Sorap gör eneňden unudan bolsaň, Diňe şonda düşünersiň bada-bat. Biziň üçin juda gymmat düşendir Beýik mertebeli “SOŇKY ÇYKAN ZAT” Şu günüň kakabaş ýetginjeklerniň Gulagyndan çekip, berkiräk darap, - Bu zatlary öwretmeli halyňa, Seň özüň otyrsyň gazaply sorap. …Şu beýik däbimiz ömür ýitmesin, elmydama açyk bolsun gapylar. Çaý bilen çöregmiz mydam bar bolsun, Başgasynyň bir alajy tapylar. Halyl Kuly. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
