09:10 Uzak gije | |
Beýle-de bir uzak gije bolarmy, Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär. Ýüregim çolardy, dünýäm çolardy, Bu gije göýäki gutarmaz puşman. Aň-hyýalym gurtlar bilen çeýneşen Günlerini ýada salýan köpek deý Irkilipdir Maňa rehm eýle sen Gaýratym, şuglaňy köňlüme sep-de. Seniň bilen öwünmedim hiç haçan, Şygrym, seni täze don deý geýmedim. Şoň üçin ýaz gelip çilämi açar, Ýöne häzir boşap galdym, neýleýin?! Bu dünýede algymam ýok, arymam, Bar gazabym boş galgaýan ganatda. Umydym bar, sen gelersiň zaryma, Zalym ajal demlerimi sanatsa. Ak buludyň ýüzüp geçen asmany, Ýaprak bolup, başa gonan güýzlerim. Uzaklarda garyp galan dost ýaly, Siziň bilen gussam, ünjüm, düýrmegim. Gijäm, gara gijäm, harapmy halyň, Takdyr dertli bilen dertlini goşýar. Süýji düýşler ýaly, oglanlyk ýaly, Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
