21:29 «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» | |
Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn, Şübhä basdyrmagyn göwün galaňy. “Bir oňat kişidir” diýip çaklagyn Nätanyş adamyň berse salamy. Gidibergin içi bilen syrgynyň, Hasyrdanyp geçir säher çagyňy. Ýöne mahal-mahal barlap durgunyň Goltugyňda garpyz bary ýoguny. Akgöwünli üçin şudur iň kyny, Köpbilmişler ynamyny talarlar. Ýüwürse aýagyna salarlar syny, Uçsa ganat kakyşyny sanarlar. Geçip barýas bir-birege höwrüge, Eşidýäris köpbilmişiň gülmesin. Şonuň üçin diň sal käwagt böwrüňe, Goltugyňy barla garpyz bolmasyn. Namart adamlaryň kadasy-da berk, Hala ahmal biliň, hala çyn biliň. Gowy tarapyňy goltugyňa berip, Ahmal ýeriň bilen baglarlar diliň. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
