23:00 Watanym üçin şirin jan | |
Janyma ygtyýar ýok. Ol - Watanymyňky, däl meňki. Aý Läläm, ynan, sözüme, Bereýin ýüregim seňki. Seniň üçin doguldym ahyr, Seniň üçin köşk gurar elim. Men lal-jim bolup galaryn, Waspyňy etmese dilim. Ýöne pederleň wesýeti: “Watansyz ilden il bolmaz”. Ýurduma bagş eden janym, Hatda ezraýylam almaz. Sözmi uzaltmaýyn ýarym, Sensiz bolsamam gury san. Ýüz ömrüm bolsa-da, diňe - Watanym üçin şirin jan. 19.03.2000 ý. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
