22:38 Wepasy hakda | |
![]() Resulalla zamanyndan şygyr erdim, Zenan imanyna wepasy hakda. Bu waka kyssaýa, galamly ördüm, Bir sahabaň eden wesýeti hakda. Ol sahaba yslam üçin ýol çykan, Zenanyna wesýet edinip bakan, Diýipdir ojakdan çykma hiç haçan, Zenanaň wesýete ygrary hakda. Bu wesýetden bir nije gün ötendi, Ol zenana şum habary ýetendi, Atasy dertlidi hassa ýatandy, Biçäräň bialaç ygrary hakda. Bu habary Pygambere eltdiler, Är höküm wesýeti hakyn ýörtdüler, Iman, ygrar, wada wepa örtdüler, Resul diýdi är hökümi tutulsyn çakda. Ýene nije günden habar bolundy, Ol ata panydan baka salyndy, Resuldan bu güne habar alyndy, Diýdi äriň hökümi tutulsyn hatda. Zenan är wesýetden dänmän neýleýip, Pygamber emrine hormat eýleýip, Ata didaryndan galyp ýyglaýyp, Ýalňyz başyn gama örteýip dertde. Alla Jebraýyldan buşlyk gönderdi, Ol zenana hormat hakyn inderdi, Atasyn hem gyzyn jennetlik erdi, Allanyň bahasy imanlyk hakda. Halmyrat ne ajap waka syr saldyň, Zenan wepasyny imamdan bildiň, Eý goç ýigit enäň, bajyň, ýaryňdyr aldyň, Mähremler köňülde Eremdir hatda. 14.03.2024 ýyl. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |