11:28 Ýörter siz | |
Iki ýüz, imansyz, mynapyk kişiler, Küpür eýläp nä hasapny ýörter siz. Ýa ömür ikimi, bir günä göçüler, Dar gabyrda nä hesipni örter siz. Meniň sizden sorag sowalym budur, Alla kelamynda ýalany barmydyr?, Gaçyp gutulmaga pikiriň nedir, Ahyrýet gün nä jogapny ýörter siz. Adamyň nadany görüp, biwepa, Töhmet, gybat örtüp, hoş ýörtüp sapa, Ýamanlyk, bozgaklyk, dawa, şer, hapa, Bu işlerden nä togapny örter siz. Ömür nije hasap hesip bilen ýok, Nä etseň ol saňa gaýdar ýalan ýok, Ýamanlykdan ýaýnaýyban gülen ýok, Ýagşylykdan haýyr, rähmet ýörter siz. Halmyrat sen bu ömrüňde ne işler, Günäden, sogapdan ýazylan başlar, Alla rehmetine ymtyl. Ataşlar, Iki dünýäňi ýakar, ahmyr örter siz. 31.12.2023 ýyl. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
