18:55 Ýa Muhammet, janym arzuwlar seni | |
Araýyp araýyp tapsam yzyňy, Yzynyň tozuna sürtsem ýüzümi, Hak nesip eýlese görsem ýüzüňi, Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni. Bir mübärek sapar bolsa-da gitsem, Käbe ýollarynda gumlara batsam, Hup jemalyň bir gez düýşde seretsem, Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni. Bir zerre galmady kalbymda hile, Sadyk bolup girdim men bu hak ýola, Ebubekir, Omar hem Osman bile, Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni. Aly bile Hasan, Hüseyin anda Söýgisi köňülde, muhabbeti janda, Ertir magşar güni, uly diwanda, Ýa, Muhammet, janym, arzuwlar seni. Arafat dagydyr biziň dagymyz, Onda kabul bolar biziň dogamız, Medinede ýatar Pygamberimiz, Ýa, Muhammet, janym arzuwlar seni. Ýunus, meth eýledi seni dillerde, Söýülersiň sen bütin köňüllerde. Aglaýa-aglaýa bu ýat illerde, Ýa, Muhammet janym arzuwlar seni. Ýunus Emre Hezretleri. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
