20:03 Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady… | |
Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady, Leýlisaçlar eda bilen saçlaryny çöşledi. Beýle pikir etmändim men bu golaýda, bu çakda, Birden agyr oýa batdym ölüm hakda, sen hakda. Oýa batdym: ýoklugymda öňküsi deý ýagar ýagyş, Gunçalaň agzyny açar; aýnamyza çeker nagyş, Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal, näzik şemal. Niçik oýa batarsyň sen meniň ýoklugymda şo hal. Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň, Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň. Hesretiň gara deňzine gark bolup ýörüşiň seniň Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görüşiň seniň. Diýdim şonda öz-özüme: "Eý, ýok zatlaň pikrin eden, Heý, ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?" Gurbannazar EZIZOW. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
