07:57 Ýene sen hakda... | |
Gozgaman kalbyňy, dertli ýaraňy, Oňa melhem kimin siňesim gelýär. Çagba bolup ýagyp, ýuwup garany, Dünýäni tämizläp diňesim gelýär. Höwes uçguny bar gara gözleňde, Men onuň umydy bolmak isledim. Arman däl-de aýdym bolup sözleňde, Dünýäňe bagt bolup dolmak isledim. Gözlerimi baglan süýji ýalanyň, Ajy hakykatyn görýärin sende. Seniň bilen geçse besdir ýyl, aýym, Gaşsyz göz men, sen bolmasaň eger-de. Hawa, janym, sensiz ýaşap bilmerin, Sensiz duman ýaly ömrüň dowamy. Indi saňa şygrym okap bermerin, Gozgaman kalbyňy, dertli ýaraňy. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
