18:43 Ýene ýagyş ýagýar... | |
Ýene ýagyş ýagýar ilerki daga, Ýene ýagyş ýagýar gaýraky çöle. Ýagyşa ezilip barýar bir çaga, – Üşärsiň! – diýýär-de, telpegin ele Garabagyr ene ylgaýar alyp, Ata böwet bolýar onuň öňüne. – Döw çalasy ýok-la! – saklaýar gülüp – Alnynda galyň gar bardyr soňam-a! Ýene-de gar ýagýar ilerki daga, Ýene-de gar ýagýar gaýraky çöle. Oglan öwran-öwran taýdy ak garda, Ýene jany durman howlaýar ene. Ata ýene köşeşdirip saklaýar: – Özi ýykyldy, goý, tursun özi-de. ...Indi ýigit özün guma oklaýar, Oýmur-oýmur bolup barýar yzy-da. Ýene ýagyş ýagýar ilerki daga, Ýene Garaguma ýagýar ak garlar. ...Gaý öňünde gaýa bolup durmaga, Erte üçin bu gün azy ýararlar. 1967ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
