22:09 Ynan, Läläm | |
Bir asyryň dörtden biri, Bir ykbal, bir öýden ördük. Üç çagamyz dünýä inip Bagtly maşgalany gurduk. Süýjüsem boldy ajysam, Ýöne ýüzüň çytmadyň sen, Neneň bagryma basmaýyn, Bir gaňrylyp bakmadyň sen. Bar aladaň öý keşigi, Seni uly dünýe sanýan. Bir dem aýrylsaň ýanymdan Şol pursat ot bolup ýanýan. Göýä bile doglan ýaly, Asyl sensiz ýaşaýyş ýok. Seň bilen jahandan doýman, Ynan Läläm, bu sözlem hak. Ýöne dünýäň öz oýny bar, Dogulmak, garramak kada. Razy uzak ömür sürsek, Bolsa bolsun durmuş sada. Arzuwymy jemläýin men, Gutly bolsun elli ýaşyň. Agtyk-çowluk gülküsinde, Aman bolsun degre-daşyň. • Üçlemeler Emer-damarym, ganym sen, Baryny sanap nädeýin, Ygrar ykbalym, janym sen. Jan bikäm meň, sen päk öýüm, Eýesi sen, bir ak öýüň, Sen ak bagtym, ömür taýym. Bent: Ýa ölerin, ýa alaryn - Diýip, çykypdym ak ýola. Bu gün neslimiň enesi - Ol Aýymyň ady-Läle. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
