18:28 Ynsap dile geldi... | |
|
Goşgy ýazdyk: Bizde bar zat gülala-güllük - diýip. Goşgy ýazdyk: Dürli käriñ syryny bildik - diýip. Goşgy ýazdyk: Gol gerende al şapakly täze dañ Täze ýeñşe, Şanly ýeñşe biz jylaw saldyk diýip. Goşgy ýazdyk: Günbe-günden artdy - diýip - badymyz. Harman görsek, Höwes bilen deñedik daglara biz. Suw zerarly şor basan hem Akjaran boz ýerleri Deñedik (aslyna ýetmän) Gül açan baglara biz. Ýene ýazdyk: Nebit sili batly çogup dur - diýip. Öwdük ýördük, öwdük ýördük, Öwünmekden doýmadyk. Ýene ýazdyk: Nygmat bary ýöne ýagyp dur diýip... Garaz, gözel çagdan gaýry Many-mazmun duýmadyk. Gaýry gerdiş geldi indi, Dagady gitdi duman. Adyl ynsap dile geldi, Nalady ynsap bu gün: Eýsem indi şeýle biweç Ýaşajak ýörjekmi sen Ömür boýy ak kagyzdan gül ýasap, Aldap göwün? Derde derman gözlemäge Kömek etmän iliñe, Saýrajak ýörjekmi indem Buýsanyp boş sanlara? Ilki sen il ogly, şahyr! Göz, gulak ülkäñe sen! Neneñ ogluñ jany ýanmaz Bu telek nogsanlara?! Ata ATAJANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
