09:32 Ýodalar | |
|
Müňläp-müňläp pikire gümra edip başymy, Öýden çykan badyma aldyňyz-da daşymy, Meň göwnüme bolmasa, baryňyz «gel» diýdiňiz. «Ýigit beýdip durma-da, bize dost bol» diýdiňiz. Wiý, ýogsa-da, aýdyň siz Neçün meňi söýdüňiz, Ýodalar, eý ýodalar, Ýodalar, eý ýodalar. Ýa-da her-bir geleni, size nazar salany, Bilmän nirä gitjegni uldan dem alany Şeýdip garşy almaklyk, kesbi-käriňizmidir, Päk ýürekli ýolagçy dosty-ýaryňyzmydyr. Şeýle bolsa ne gözel, Haýp, bilmändim ozal, Ýodalar, eý ýodalar, Ýodalar, eý ýodalar. Hawa, menem il ýaly arzuwma ýetmek üçin, Durmuşdaky оrnumу tizräk tutmak üçin, Ýaltanmadym, armadym, synlap çykdym baryny, Ýedi-ölçäp, bir biçdim, dost tutundym birini. «Elter» diýip menzile, Ýöräberdim şoň bile, Ýodalar, eý ýodalar, Ýodalar, eý ýodalar. Ýöne welin häzir-ä alan uly galam ýok, Kärdeşlermiň içinde üýtgeşik san-salam ýok. Ýa-da ýalňyşdymmykam, ynam edip gözüme, Araňyzda aýlanyp dost tutamda özüme, Ýa-da kanagat edip, ýörabersem şoň bile, Ýetir ýaly arzuwma – il ýüregne-ýurduma. Düşermikäm şaýola, Ýodalar, eý ýodalar, Ýodalar, eý ýodalar. Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
