12:59 Ýokardan aýtmasalar | |
|
Kabinetden çykmaýar, Ýokardan aýtmasalar. Iş diýip gaş çytmaýar, Ýokardan aýtmasalar. Ekjek ýeri aýdylar, Gitjek ýeri aýdylar, Ganat-perden aýrylar, Ýokardan aýtmasalar. Il gelse-de ýanyna, Barmaz iliñ ýanyna, Girmez adam sanyna, Ýokardan aýtmasalar. Dosty ýok, deñ-duşy ýok, Öz akyl, öz huşy ýok, Edip bilýän işi ýok, Ýokardan aýtmasalar. Näler endik bolupdyr, Işlese wah, bolup dur, Gürläbilmän gülüp dur, Ýokardan aýtmasalar. Robot bolupdyr ylla, Kelle döwmek hyllalla, Nädip ýör ol, eý Alla, Ýokardan aýtmasalar. Sagdyn göwre syh ýaly, Maşynynda myh ýaly, Garşy almaz myhmany, Ýokardan aýtmasalar. Añlar zady añlamaz, Geñlär zady geñlemez. Aýdym-sazy diñlemez, Ýokardan aýtmasalar. Bir plany dolup dur, Özgeleri galyp dur, Bolmajysy bolup dur, Ýokardan aýtmasalar. Agyr bolsa-da haly, Öwrenşipdir aýaly, Indi maksat-hyýaly: "Pälinden gaýtmasynlar." Ýogsam... ol ýaşabilmez, Ýokardan aýtmasalar. Abdyreşit TAŞOW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
