00:05 Ýoldaşyma iberilen hat | |
|
Gözelleň içinden seni gözledim, Saňa taý geljegin bilmedim tapyp, Gara deňiz tolkun atýar birgeňsi, Alyslarda nazar,doýamok bakyp. Deňiziň üstünden pasyrdar şemal, Ýar jemalyn getirýän dek öwsüp dur. Myhmanyna hormat goýan dek bolup, Palma agaçlary başyn egip dur. Senden alyslarda ýazyldy goşgym, Sen öýümiň täji älem-jahanym. Şu günüm-ertirim bagly eken saňa, Seniň bilen artdy jahanda sanym. Näderin bilemok durun her wagt, Kem ýaly bir zadym goýanok erkin. Öz işleri bilen başagaý bolup, Dürli tarap at salyp ýörler her kim. Durmuşda köp zada indi düşünip, Göz ýetirdim bolmasyn hiç ýekelik. Ýüregi päk gelin biz-ä bireýýäm, Bagyrlary badaşdyran ekenik. Soçi, 1991 ý. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
