07:50 Atanyñ ogluna pendi | |
ATANYÑ OGLUNA PENDI
Ömür boýy hemrañ bolsun kanagat, Päliñden tebähet göçmesin oglum. Diýmesinler: "Başa düşen melamat" Ojakdan alawyñ öçmesin, oglum. Iliñ oñlan zadyn senem ykrar et, Ýar ýolunda gözleriñi dikrar et, Mahal-mahal sähralara şikär et, Atan okuñ sowa geçmesin, oglum. Dostuñ ynamyny çykarma puja, Çyn sarpa beslegun gaýrata, güýje, Goñşyñ bilen ýaşap äbede-jüýbe, Gozgama olary göçmesin, oglum. Gadyrly görende senem gadyr bil, Myhmanyña aş-nanyñy hödür bil, Ýolda-yzda adam görseñ Hydyr bil, Zybandan ajy söz çykmasyn, oglum. Gabat gelse batyllara dide bol, Giñ deñizde azaşana ada bol, Mertebäñi sakla hem-de sada bol, Biweje syryñy açmagyn, oglum. Adalatly, halal, ynsaply bolgun, Ýürekden aglagyn, ýürekden gülgün, Ýagañda şeýle bir gübürdäp gelgin, Ýalñyz damja bolup gaçmagyn, oglum. Müdümilik alyp durmaryn ýanyñ, Uzynly-gysgaly biçiler donuñ, Şonda durgun sarsmaýşy dek gaýanyñ, Sähel zada gonup-göçmegin, oglum. Hakykat ugrunda tutaşsañ ýaka, Jiger bölünmesin hiç wagt ikä, Bir şowsuzluk başa düşse birdenkä, Özüñden öz göwnüñ geçmesin, oglum. Ýoldaşyñy düzet ýola çykañda, Gözde müýn bolmasyn dogry bakañda, Hem oýlanyp ata pendi hakynda, Il-günden arañy açmagyn, oglum. Hajyly ŞAMÄMMEDOW. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |