20:36 Ikiçäk gürrüñ | |
Ikiçäk gürrüň
Ilkinji söýgüden gaýdanda badym, Indi maňa söýme ýokdur diýýärsiň. Men saňa düşünýän: sen şeýle adam Bir ömürde ýeke gezek söýýärsiň. Men bolsa bu söze henizem garşy (Şübhe bolmaz ýüregimiň päkdigne). Ynansamam başky söýgiň bardygna Ynanamok başga söýgiň ýokdugna. Ynha dymyp dursuň meniň garşymda, Egniň ketenili, başyň öýmeli. Hany aýt sen, bir gezeklik ömürde Nämüçin biz ýeke gzek söýmeli. Özüň dek bir gyzy söýüpdim menem Ol başgany söýdi Ol indi ene. Öňküdenem otly, çuň söýgi bilen, Men ikinji gezek söýýärin ýene. Düzgünmidir ýeke gezek söýmeklik, Gel onda biz şol düzgüni pozaly. Söýgi kitabyna iki söz bilen: - Başarsaňyz, söýüň! – diýip ýazaly. HALYL KULYÝEW | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |