23:55 Towşanjyk | |
“Towşanjyk”
Haýwanlaň içinde senem bir jandar, Hemmede-de san bar, sende-de san bar. Hemmäniň özüne ýeterlik derdi, Saňa bu üýtgeşik derdi kim berdi. Tilkijik görseňem gaçyp ýörmeli, Möjejik görseňem gaçyp ýörmeli Ýol, ýagyşdan gaçyp, güneşden gaçyp, Öz derdiňi gorap günüň görmeli. Diňe öz deriňi gorap gezmeli, Başga hiç zat. Şundan başga many ýok. Ýumşajyk towşanjyk, Busak towşanjyk, Bu dünýäde seniňkiden kyny ýok. Halyl Kulyýew | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |