23:40 Ýazgylar | |
♣ "Ýazgylar”
Kakamyň iň soňky ýazan hatyny Henizem aýawlap saklap ýör enem, Saralan kagyzlaň açyp gatyny, Käýarym gaýtalap okaýan menem. Hatyň iň soňunda şeýle sözler bar: “Oglum, arzuw edýän men saňa ýüz ýaş”. Her gezek elime alamda ony, Damýar ol kagyza bir damja göz ýaş. Şeýdip bir damja däl sansyz damjalar Dama-dama, yz goýupdyr ol hatda. Ýöne ýazgylary öçmändir heniz. Ýyllaň ýelginine gelipdir hötde. Ony ýazan eller gudratly eller, Şolar dälmi gyşy kowup, ýaz eden. …Şeýdip ol ýazgylar öçmezler, ýöne Şeýdip olar ýazylmazam täzeden. Halyl Kulyýew | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |