20:29 Ýene-de söýgi hakda | |
Ýene-de söýgi hakda
Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek, Ýene ýazjak. Öňkülerim az ýaly. Bir gyz ýüregime gurupdyr duzak, Söýüp ýörün… bar pasyllar ýaz ýaly. Ýöne diýýän gyzym şeýle bir ynjyk, Käte ýakyp, gowrup barýar köz ýaly. Uzyn kirpiklerni ýüregme sanjyp, Käte gahar edýär, käte näz ýaly. Bir görse-ä içgin äbede-jüýje, Duşuşýasam, aralarmyz saz ýaly. Käte bar umydym çykaryp puja, Ýüzün sowýar, gyz ýüregi buz ýaly. Aşyk ýigdiň haly neneň diýseler, Käte çille ýaly, käte ýaz ýaly. …Ýöne şu ýagdaýda ýüz ýyl goýsalar, Göwnüme bolmasa, ýene az ýaly… (1961) Halyl Kulyýew. | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |