11:45 Dünýä neneñ gözel | |
![]() "Dünýä neneň kirli, niçiksi hapa..." Has TÜRKMEN. Dünýä neneň gözel, niçiksi tämiz, Hatda toprak göwünlerden arassa. Ýöne dünýä demimizden bogulýar, Adamlar däl, aslynda ol neresse. Arassa suw ýa-da bolsun bulançak, Ýalan däldir, ol şeýlebir görmegeý. Baky alaw ykballary ýakmasyn, Goý, ýylatsyn, Allahym köp görmegeý! Barlyk şeýle ümsüm hem-de asuda, Tykyrdy ýok, herekediň keşbi bar. Dünýä şeýle gohly, şeýle şadyýan, Heýjan edýän Biribaryň yşgy bar. Dünýä örän giňiş köňül deý ylla, Ýöne welin, adam bilen daraldy. Barlyk juda päkizedi... ýönesi! Ah, el degdi, ana soňra garaldy. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||
| |||||