20:29 Senli hyýallarym | |
Senli hyýallarym neneň ajaýyp, Senli arzuwlarym neneň ýakymly. Üşedip, digdiräp bu sowuk dünýäň töründe galaýsam bolýar ýakyndy. Maňa bagt beripsiň ilden üýtgeşik, Hem tagt beripsiň yşgyň täji ile. Sarpalapsyň, hormatlapsyň örän köp, Bu derejä ýetip bolmaz paç ile. Mähir bilen bagş edipsiň yşk kölün, Teşneligiň nämeligin bildirmän. Juda köp gezipsiň mäkäm gujaklap, Bu ýollara ykbalymy dildirmän. Örän ezizläpsiň kalbymy aýap, Köp zada döz gelip göwnümi ýykman. Sen meniň ýerimi göge diräpsiň, Indem ýaşap ýörün ornumy tapman. Zeminde bar zatlar nätanyş maňa, Onuň tolkunlary juda akymly. Hem gödek hem sowuk onuň ýollary, Diňe senli hyýallary ýakymly. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
