16:17 Sary gyz | |
Ýürek daş däl eken, gozgandy her hal, Yşk başy säm etdi, Nämetdi bir hal... Neýlär jan, neýlär ten, ýetmeseñ derhal, Halymny özüñ gör, ynha, sary gyz. Duýgular möwç aldy, çyrpyndy her ýan, Sende aram tapdy joşgunly derýam, Kalbyma ýakymly duýgular berýän, Gün roýly, gül roýly tenha, sary gyz. Ýazgyt bolsa tapylýandyr sebäpler, Gelipsiñ sen şahyr kalby bezäpler, Gezdim şu çaka çen ýekesiräpler, Duşmandy özüm deý ynsan, sary gyz. Dideler sataşdy... tutaşdy näler, Dadyna yşk suwy ýetişdi hälem, Bu söýgiñ miwesin görse-de älem, Goý, galsyn, wysaly pynhan, sary gyz. Hak yşkyñ gory ýok, bar zatlar diñýä, Sözlerñe goşulyp ömrüme siñýäñ, Indi nurly ýüzüm, ýagtyldy dünýäm, Halymny özüñ gör, ynha, sary gyz. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
