00:34 Durmuş | |
Daň atandan syldym seni ýüzüme, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Şükürlikden ýaş aýlandy gözüme, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Sag-aman oýandym, başym gökdedir, Baş gara bolsa-da, gözüm akdadyr. Ýurdum barka «bilmen» nedir, «ýok» nedir, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Gül meňzini görseň bolmaz howsala, Darykmaryn agyz urup owsara. Medet bergin öz boýuna towsana, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! «Görüner-görünmez bela bar» diýler, «Ýöne garşysyna gala bar» diýler. «Daşyňda mizemez halal bar» diýler, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Elmydama ýagşylyklar görmeli, Her teňňäňi durmuş üçin bermeli. Mysapyr bolaňda biraz durmaly, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Sabyr edip menzillere ýetişgin, Şeýde-şeýde il-günüňe gatyşgyn. Ýazgyt bilen altyn aşyk atyşgyn, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Ýüregim suw boldy, zora sataşdym, Şükür etdim, ýene nura sataşdym. Ýaşaýyş diýilen pire sataşdym, Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan! Mämmernazar BABANAZAROW. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
