09:34 Aldawçy duýgy | |
|
Ol höwes etdirdi. Men höweslendim, Bedew ata münüp, bada çuslandym. Gözüni petredip ýatyr şöhrat-şan, Ol meniñ gözüme diýseñ mähriban. Gujagymy gerip, topuldym bada, Elim uran zadym diýseñ zyýada. Ol meni mähirden görkläp-besledi, Gaýta-gaýta öwmegimi isledi. Öpjek bolup uzadamda dodagym, Boldy meniñ bir şarpygy datdygym. Babamyñ şarpygy. Ol batly şarpyk! Bu zat düýşde boldy. Oýansam gorkup, Göwnüm öz-özüne diýdi şeýle zat: Ýalan duýga aldanmagyn, adamzat! Öwezmyrat BABAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
