21:42 Güýz | |
|
Saralan ýapraklar şemal öwsende, Gyrgy gören guşlar deýin dagaýar. Asman gülüp, gerdenini silkende, Ýagyş Zeminime bal bolup damýar. Ýagyş toprak üçin şeýle bir gerek, Şonuň üçin ýagyş inýär Zemine. Eziz toprak buýsanç bilen ýylgyryp, Ak pagtadan gül alypdyr eline... Öwezmyrat BABAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 17.01.1979 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
